Indoneziýadaky tebigy apatlarda ýogalan adamlaryň sany artdy

Sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde häzirki wagta çenli 50 adam ýogaldy, 37 adam bolsa ýaralandy

2139778
Indoneziýadaky tebigy apatlarda ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Günbatar Sumatra welaýatynda Merapi wulkanynyň partlamagy netijesinde birigen gaýalaryň, külleriň we topragyň musson ýagyşlary sebäpli süýşmegi we başdan geçirilen sil apatlary sebäpli ýogalanlaryň sany 50 adama ýetdi. 

Milli Apat dolanşygy agentliginden berilen beýanata görä, Günbatar Sumatra welaýatynda sil apatlary we ýer süýşgünleri sebäpli ýene-de 7 adamyň jesediniň tapylandygy mälim edildi. 

Sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde häzirki wagta çenli 50 adam ýogaldy, 37 adam bolsa ýaralandy. 

Welaýatda 3 müň 396 adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi, 27 adam bolsa dereksiz ýitdi. Sil apatlary sebäpli ençeme öý we iş ýerleri suwuň aşagynda galdy. 

Tebigy apatyň täsir ýetiren sebitlere ykjam aşhanalar we ykjam suw arassalaýjy desgalar guruldy. 



Degişli Habarlar