Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy

Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beýanat berdi

2128382
Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ysraýylyň ýaranlarynyň umumy tagallalary netijesinde Eýranyň köşeşendigini we Ysraýylyň infrastrukturasyny ýok etmäge mümkinçilik tapmandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan: "Ýaranlaryň tutanýerli aksiýalary terroryň şowly bolmagynyň we infsatrukturasyna zeper ýetmeginiň öňi alyndy, hüjümçi köşeşdi. Şol bir zat Ukrainanyň terrordan goralmagy üçin hem edilip biliner" diýip belledi.

Wladimir Zelenskiý, Günbatar ýurtlarynyň Ysraýyly Eýranyň hüjümlerinden goraýyşlary ýaly Ukrainany gorap biljekdiklerini habar berdi. Ukrainanyň lideri ýurtlaryň goralmagy üçin "NATO-nyň 5-nji maddasyna ýüz tutmagyň zerur bolmandygyny, syýasy ygtyýaryň ýeterlikdigini" beýan etdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň hem Ysraýyl ýaly NATO agza bolmandygyny belledi we Ukrainanyň oňa düşünen we howa galkanyny güýçlendirmek baradaky çagyryşlaryna tiz wagtda jogap beren dostlaryna minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar