Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

2128539
Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Kremlden berilen beýannama görä Eýran tarapynyň başlangyjy boýunça Putin Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

“Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky diplomatik wekilhanasyna hüjüm guramagy we Eýranyň oňa garşy çäreler görmeginden soň Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaýyň” seljerilen telefon söhbetdeşliginde Putin; “ähli taraplaryň parasatly çemeleşmegini we bütin sebit üçin betbagtçylyklara sebäpli boljak täze dartgynlyklara ýol berilmejekdigini” tama edýändigini aýtdy.

Eýranyň Prezidenti Raisi bolsa “Eýranyň bu aksiýalarynyň mejbury we çäklidigini, dartgynlygyň artmağyny islemeýändiklerini” nygtady.



Degişli Habarlar