Nikol Paşinýan “Genosid” Diýmedi

Paşinýan, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar üçin “genosid” sözüniň ýerine “Uly betbagtçylyk” we “gyrgynçylyk” sözlerini ulandy.

2128083
Nikol Paşinýan “Genosid” Diýmedi

 

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde “Uly betbagçylyk” we “gyrgynçylyk” sözlerini ulanmagy ýurdunda uly jedelleşige sebäp boldy.

Premýer-ministr Paşinýanyň “Ermenistan Respublikasynyň sosial psihologiýasy” atly kitaby Fajebook arkaly çap edildi

17-nji asyryň başynda Eýranyň Şasy Abbas tarapyndan ermenileriň Eýrana göçürilmeginiň halkyň sosial psihologiýasyna ýaramaz täsirini ýetirendigini aýdan Paşinýan 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda hem durup geçdi.

Paşinýan, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar üçin “genosid” sözüniň ýerine “Uly betbagtçylyk” we “gyrgynçylyk” sözlerini ulandy.

Paşinýanyň sözlerine oppozisionerler uly garşylyk görkezdi.

Nikol Paşinýan tankydy belliklere heniz jogap bermedi.

 



Degişli Habarlar