Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin täze ädimler edildi

2127903
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Hytaýyň Milli halk kongresiniň hemişelik komitetiniň başlygy Sao Lisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we gatnaşyklaryň pugatalnmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi KJNA tarapyndan berilen habara görä, Kim Çen Yn, Sao Lisi bilen ýurduň paýtagty Phenýanda duşuşyk geçirdi.

Kim we Sao dostlukly gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyny we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny maslahatlaşdylar. 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Hytaý bilen ýurdunyň arasynda ençeme ýüz ýyl bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Phenýanyň üýtgewsiz syýasatydygyny beýan etdi. 

Hytaýyň Milli halk kongresiniň hemişelik komitetiniň başlygy Sao Lisi düýn Demirgazyk Koreýanyň Ýokary Halk mejlsiniň hemişelik komitetiniň başlygy Çhwe Rýon He bilen duşuşyk geçiripdi, onuň iki ýurduň arasynda soňky 5 ýylda iň ýokary derejeli duşuşykdygy mälim edilipdi. 



Degişli Habarlar