BMG-nyň baş sekretary Eýranyň Ysraýyla guran hüjümi barada beýanat berdi

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş Eýranyň Ysraýyla garşy guran hüjümini ýazgardy we taraplaryň ählisine asudalyga çagyrdy

2127378
BMG-nyň baş sekretary Eýranyň Ysraýyla guran hüjümi barada beýanat berdi

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş Eýranyň Ysraýyla garşy guran hüjümleri barada ýazmaça beýanat berdi. 

Antoniu Guterriş beýanatynda: "Eýran Yslam Respublikasynyň Ysraýyla garşy giň gerimli hüjümleri bilen ýüze çykan dartgynlygy berk ýagdaýda ýazgarýaryn. Bu duşmançylygyň dessine bes edilmegi barada çagyryş berýärin" diýip habar berdi. 

Soňky hüjümler bilen Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň sebite ýaýramagynyň çynlakaý howpunyň bardygyny aýdan Antoni Guterriş: "Ähli taraplara Ýakyn Gündogarda ençeme frontda harby çaknyşyklara sebäp bolup biljek islendik ädimden uzak durmaklary üçin parasatlylyga çagyrýaryn" diýip belledi. 

BMG-nyň Baş sekretary ne Ýakyn Gündogaryň, ne-de dünýäniň täze söweş göterip bilmejekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar