Siriýada terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýa-Türkiye serhediniň golaýyndaky Çobanbeý etrapçasynda ulaglaryň birine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 2 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy

2125786
Siriýada terrorçylykly hüjüm guraldy

Türkiyäniň Kilis welaýatynyň Elbeýli etrabynyň garşysynda ýerleşýän Çobanbeý etrapçasynyň demirgazygyndaky Bab ýolunyň çatrygynda, bomba ýüklenen ulag bilen terrorçylykly hüjüm guraldy. 

Bolan partlamada ulagyň içindäki 2 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy. 

Partlamanyň bolan ýerinde howpsuzlyk çäreleri artdyryldy, waka bilen bagly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #ulag , #partlama , #Çobanbeý , #Siriýa

Degişli Habarlar