Gruziýada atyş poligonynda partlama boldy

Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherindäki ýarag dükanyna degişli atyş poligonynda bolan partlamada 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy

2125813
Gruziýada atyş poligonynda partlama boldy

Gruziýanyň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Tbilisi şäherinde iş alyp barýan "Battleground" atly ýarag dükanynyň atyş poligonynda sebäbi entek anyklanmadyk bir partlamanyň bolandygy mälim edildi. 

Boçorma köçesinde ýerleşýän binadaky partlamada 2 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralanandygy bellenen beýanatda, ýaralanan adamlaryň hassahanada bejergi astyna alynandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar