NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär

NATO agza ýurtlar Ukraina Russiýa degişli ballistiki raketalardan goranmak üçin goşmaça goranyş ulgamyny bermegi meýilleşdirýär. Karar NATO-nuň 75 ýyllygy mynasybetli guralan çäreleriň dowamynda kabul edildi.

2125321
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Ukrainanyň Daşary işler ministri Dimitri Kulebanyň NATO agza ýurtlardan kardeşleri bilen geçiren duşuşyklaryndan soň “ýaranlar ýagdaýyň gysssaglydygyna düşünýärler” diýdi. Kuleba Amerikan ulgamylary Patriot raketalarynyň başda durmagynda täze howa goranyş ulgamlaryny talap edipdi.

Stoltenberg “Ýaranlar ätiýaçlaryny gözden geçirerler, Patriot bilen bilelikde howa goranyş ulgamlaryny berme mümkinçilikleriniň bolup bolmandygyny selcererler we elbetde bar bolan ulgamlar üçin ok-däri hem-de ätiýaç şaýlary hem bererler” diýdi.

Kubela; “NATO-nuň doglan gününe bagyşlanan çäräniň beýle bolmagyny islemeýärdim. Emma ukrainlere Russiýanyň ýurduma howa hücümleri hakynda anyk ýüzlenme bermegi özüme borç saýdym” diýdi.



Degişli Habarlar