Belarussiaýda harby türgenleşik geçirilýär

Belarussiýanyň Ýaragly güýçleri Russiýa we Ukraina bilen Litwa we Polşa serhet zolagynda 3 gün dowam etjek harby türgenleşik başlatdy.

2124268
Belarussiaýda harby türgenleşik geçirilýär
belarus tatbikat.jpg

Belarussiýanyň Goranmak ministrliginiň Telegram hasabyndan berilen beýanatda, Russiýa bilen Ukrainanyň serhetleriniň golaýynda Gomel şäheri bilen Litwa we Polşa serhetleriniň golaýyndaky Grodno şäherinde 3 gün dowam etjek harby türgenleşik başladandyklaryny habar berdi. 

Beýanatda serhet zolagyndaky türgenleşikleriň maksadynyň hüjüm ähtimallygyna garşy şol sebitleriň goralmagy we adatdan daşary ýagdaý bilen bagly çäreleriň ýerine ýetirilmegine taýarlyk görmekden ybaratdygy mälim edildi. 

Belarussiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina uruşy sebäpli halkara jemgyýetiň ýazgarmalaryna we sanksiýalara sezewar galan döwründe Moskwa diplomatik goldaw berendikleri we harby hyzmatdaşlygy dowam etdirendikleri sebäpli ABŞ we Ýewropa ýurtlary tarapyndan tankyt edilýär.



Degişli Habarlar