Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna 180 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi

2124246
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 32 müň 975 adama ýetdi. 

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref al-Kudra, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde 59 palestinalynyň ýogalandygy, 83 palestinalynyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Gaza zolagyna garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri ýogalan palestinalylaryň sanynyň şeýlelikde 32 müň 975 adama ýetendigini aýdan Kudra, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 75 müň 577 adama ýetendigini aýan etdi. 

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref al-Kudra ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygyny, emma Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň päsgel bermegi sebäpli saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň we raýat goranyş edarasynyň işgärleriniň şol jesetleri ýygnap bilmeýändigini habar berdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar