Russiýa Golan Depelerine goşmaça polisiýa merkezini ornaşdyrdy

Russiýa Golan depeleri sebitinde goşmaça rus harby polisiýa merkeziniň ýerleşdirilendigini habar berdi

2123752
Russiýa Golan Depelerine goşmaça polisiýa merkezini ornaşdyrdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Siriýada Söweşýän taraplary ylalaşdyrmak merkeziniň başlygynyň orunbasary general-maýor Ýuriý Popow, Golan Depelerindäki ýagdaý barada maglumat berdi. 

Ýuriý Popow: "Golan depeleri sebitinde Ysraýylyň goşuny bilen Siriýanyň arasyndaky bölüniş zolagy bolan Brawo liniýasyndaky ýagdaýa gözegçilik etmegiň çäginde, goşmaça häsýetde rus harby polisiýa merkezi ýerleşdirildi" diýip habar berdi. 

Beýanatda bu polisiýa merkeziniň taraplaryň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegi ýagdaýynyň laýyklygyna gözegçilik etjekdigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar