Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşuny Damaskdaky diplomatik wekIlhanasyna “Ysraýylyň guran” hüjüminde 2 general bIlen 7 adamyň ölendigini habar berdi.

2123409
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi

Ynkylap goragçylarynyň goşuny Eýranyň Damaskdaky konsulhanasyna guralan hüjüm hakynda ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada Eýranyň Damaskdaky Ilçihanasynda ýerleşýän konsullyk binasyna Ysraýyl tarapyndan raketaly hüjüm guralandygyny, 2 general maýor bIlen 5 resminiň ýogalandygy mälim edIldi.

Eýranyň Damaskdaky Ilçisi Hüseýin Akbari Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky Ilçihanasynda ýerleşýän konsullyk binasyna F-34 harby uçarlaryndan atylan 6 raketa bIlen hüjüm guralandygyny beýan edipdi.

Akbari Ysraýylyň hüjümine ýurdunyň “dessine, gönüden we düýçli” garşylyk görkezekdigini beýan edipdi.

Siriýada soňky aýlarda birnäçe gezek Eýrana degişli pozisiýalara howa hüjümini guran Ysraýyl bolsa hüjümiň jogapkärçIligini boýun almady. Emma Ysraýylyň Goşun radiosynyň habarynda hüjümde ölenleriň ählisiniň Eýranyň harby gullukçylarydygy we eýranly diplomatlara zeper ýetmändigi mälim edIldi.

Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Mikdad hüjüm edIlen Eýranyň Damaskdaky Ilçihanasyna baryp, eýranly kärdeşi Hüseýin Emir Abdullahiýan bIlen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

 



Degişli Habarlar