“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”

Raisi, Ysraýylyň Eýranyň konsullygyna gurana raketa hüjümini terrorçylykly jenaýat we halkara hukugynyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

2123792
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, ýurdunyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk binasyna Ysraýyl tarapyndan guralan hüjüme degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.

Prezident Raisi beren ýazmaça beýannamasynda, Ysraýylyň Eýranyň konsullygyna gurana raketa hüjümini terrorçylykly jenaýat we halkara hukugynyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

Resmi Tel-Awiwiň şuňa meňzeş aksiýalar bilen maksadyna ýetip bilmejekdigini nygtan Raisi, “Bu elhenç jenaýata degişli jogaby bereris” diýdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyndan düýn berlen beýannamada, Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk binasyna Ysraýyl tarapyndan guralan raketa hüjüminde 7 ýolbaşçynyň ýogalandygy habar berlipdi.

Siriýada soňky aýlarda birnäçe gezek Eýrana degişli ýerlere howa hüjümini guran Ysraýyl bolsa hüjümiň jogapkärçiligini resmi taýdan öz üstüne almady.

 



Degişli Habarlar