Siriýanyň Azez etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Azez etrabynda ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 4 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy

2122568
Siriýanyň Azez etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Türkiyäniň Kilis welaýatynyň garşysynda ýerleşýän we oppozisionerleriň gözegçiliginde bolan Azez etrabynda adamlaryň gelim-gidimli köçeleriniň birinde ulaga ýerleşdirilen bomba partladyldy. 

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy. 

Hüjümden soň sebitde howpsuzlyk çäreleri artdyryldy, ýaralanan adamlar Azez hassahanasynda bejergi astyna alyndy. 

Wakanyň bolan ýerinde barlag işlerini geçiren howpsuzlyk güýçleri, hüjüm bilen bagly derňew işini başlatdy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar