Ysraýylyň Hüjümlerinde 14 Müň 280 Çaga Ýogaldy

Ysraýylyň hüjümlerinde 17 müň çaga hem enesiz ýada atasyz galdy.

2119576
Ysraýylyň Hüjümlerinde 14 Müň 280 Çaga Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 14 müň 280 çaga ýogaldy.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannama görä, Ysraýylyň harby goşuny 7-nji oktýabrdan bäri palestin halkyna, asuda ilata, çagalara we zenanlara garşy 2 müň 848 gyrgynçylyk etdi.

Ysraýylyň 170 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde 12 müň 280 çaga bilen 9 müň 340 zenan ýogaldy.

Hüjümlerde ýogalanlaryň arasynda 364 saglygy goraýyş işgäri bilen 136 žurnalist hem bar.

Gazada açlyk sebäpli ýogalan çagalaryň sany bolsa 27-ä ýetdi.

7 müň adamyň hem dereksiz ýitendigi ýada harabalyklaryň aşagynda galandygy bellenildi.

Ysraýylyň hüjümlerinde 17 müň çaga hem enesiz ýada atasyz galdy.

 


Etiketkalar: #zenan , #çagalar , #Ysraýyl

Degişli Habarlar