Germaniýalylaryň pikiriçe, Ysraýylyň hüjümleri adalatsyz
Germaniýada halkyň aglabasy Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň adalatsyzdygyny pikir edýär
2119285
![Germaniýalylaryň pikiriçe, Ysraýylyň hüjümleri adalatsyz](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/dbd4/5e63/b05f/65feb864d83a5.jpg?time=1718801177)
Germaniýanyň ZDF atly ýaýlym organynyň "Politbarometer" atly sowalnamasyna gatnaşan adamalryň 69 göterimi, Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň adalatsyzdygyny beýan etdi.
Hüjümleriň adalatlydygyny pikir edýänleriň sany 18 göterim bolýan bolsa, sowalnama gatnaşanlaryň 13 göterimi "Bilemok" diýip jogap berdi.
Sowalnama gatnaşan adamlaryň 87 göterimi Günbatar ýurtlary tarapyndan Gaza zolagyndaky halka azyk we derman üpjünçiliginiň gowulaşdyrylmagy üçin Ysraýyla has köp basyş edilmegini, 7 göterimi bolsa basyş edilmeli däldigini aýdýar.