Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde hüjüm guraldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki konsert zallarynyň birinde guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adam ýogaldy

2119123
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde hüjüm guraldy

Rus metbugatynyň berýän habaryna görä Krokus häkimlik binasyndaky konsertden ozal awtomatiki ýaragly we ýörite egin eşik geýen azyndan 3 adam, zala girip çem gelen ýere ot açdylar.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adamyň ýogalandygy habar berildi. 

Hüjümden soň binada partlamanyň bolandygy we ýangynyň ýüze çykandygy, binanyň üçeginiň çökendigi habar berildi. 

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek ulaglarynyň we ýöriteleşdirilen güýçleriň gönükdirilendigi mälim edildi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bütin dünýä Moskwadaky terrorçylykly aksiýany ýazgarmaly diýip çagyryş berdi. 

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin bu hepdäniň ahyryndaky ähli sport, medeni we beýleki halka açyk çäreleriň goý bolsun edilmegi barada karara gelendigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #konsert , #Russiýa , #Moskwa

Degişli Habarlar