Fransiýa Ukraina esger ugratmak baradaky öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini aýtdy

Fransiýanyň Goranmak ministrligi Rissiýanyň "Fransiýanyň Ukraina 2 müň esger ugratmaga taýarlyk görýändigi" bilen bagly öňe sürmeleriniň hakykata bap gelmeýändigini habar berdi

2117606
Fransiýa Ukraina esger ugratmak baradaky öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini aýtdy

Fransiýanyň Goranmak ministrligine Russiýanyň Daşary razwedka gullugynyň başlygy Sergeý Naryşkiniň Fransiýanyň Ukraina 2 müň esgerden ybarat harby birikme ugratmaga taýarlyk görýändigi bilen bagly sorag soraldy. 

Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, şol öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini, Sergeý Naryşkin tarapyndan gün tertibe getirilen meseläniň "Russiýanyň köpçülikelýin  derejede dezinformasiýa usullaryna ulgamlaýyn häsýetde ýüz tutýandygyny görkezýändigi" habar berildi.  

Beýanatda: "Bular ýaly görnüşli manipulýasiýalardan gaça durmak üçin sizi iň ýokary derejede ünsli bolmaga çagyrýarys" diýip mälim edildi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #esger , #Russiýa , #Fransiýa

Degişli Habarlar