Ysraýylyň Damaska howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi

Ysraýylyň Siriýanyň paýtagty Damask şäheriniň töweregindäki birnäçe aýry nokada howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi

2117112
Ysraýylyň Damaska howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi

Siriýanyň SANA habarlar agentliginiň harby çeşmelere esaslanyp beren habarynda, ýerli wagt bilen sagat 02:10-da Damask şäheriniň töweregindäki käbir nokatlaryň Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan Golan depeleri tarapyndan howa hüjümleri bilen nyşana alynandygy öňe sürüldi. 

Habarda: "Hüjümde maddy zyýan çekildi, howa goranyş ulgamlary duşmana degişli käbir raketalary täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip beýan edildi. 

Ysraýylyň resmilerinden bolsa hüjüm bilen bagly beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Damask , #Siriýa , #Ysraýyl

Degişli Habarlar