Gaza Sektorunda Halk Açlykdan Ölýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň Gaza Sektorunda halkyň açlykdan ölýändigini aýtdy.

2117051
Gaza Sektorunda Halk Açlykdan Ölýär

Gebreýesus X sosial media platformasyndan Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gzada başdan geçiriýän gytçylyk we onuň sebäp boljak howplary hakynda habarnama berdi.

Gazada başdan geçirilýän açlygyň “gazaplandyryjydygyny” we tas gytçylyk derejesine ýetendigini beýan eden Gebreýesus, onuň gysga we uzak möhletde saglyk taýdan howply netijeleriniň boljakdygyny nygtady.

Gebreýesus 7-nji oktýabrdan öň Gazada ilata ýetjek azygyň bardygyny we azyk ýetmezçiliginiň seýrek gabat gelýändigini beýan etdi.

“Gazada adamlar açlykdan ölýär, ýarawsuz adam köp. Getirilýän azygyň mukdary artdyrylmasa, 1 milliondan gowrak adama howp abanýar” diýen Gebreýesus, onuň öňüni almagyň ýeke-täk ýolunyň “parahatçylykdygyny” beýan etdi.

Ysraýyl Gazada 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri bilen 2,3 million palestinalyny açlyga mejbur edýär.

Ysrtaýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoruna guran hüjümlerinden azyndan 13,500 sanysy çaga, 9 müň sanysy zenan, jemi 31,726 palestinaly ýogaldy, 73,792 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar