Zanzibarda deňiz pyşbagasyny iýen 9 adam ýogaldy

Hindi okeanyndaky Zanzibar arhipelagynyň Pemba adasynda deňiz pyşdylynyň etini iýen 8-i çaga jemi 9 adam ýogaldy

2113857
Zanzibarda deňiz pyşbagasyny iýen 9 adam ýogaldy

Pyşbaganyň eti iýmit zäherlenmesiniň bir görnüşine sebäp boldy we 78 adam hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Mkoani sebitiniň saglygy goraýyş edarasynyň müdüri Haji Bakari laboratoriýada geçirilen synaglaryň adamlaryň ählisiniň deňiz pyşdylynyň etini iýendigini tassyklanandygyny beýan etdi. 

Sebitde 2021-nji ýylda aralarynda 3 ýaşynda bir çaga hem bolan jemi 7 adam deňiz pyşdylynyň etinden zäherlenip ýogalypdy. 



Degişli Habarlar