Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy

Hüjümde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

2114168
Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy

Ysraýylyň harby uçarlarynyň, Liwanyň gündogarynda Siriýa serhediniň golaýyndaky Baalbek şäherine 2-nji gezek howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Liwanyň resmi habarlar gullugy NNA-da berlen habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary Baalbek şäheriniň günortasynda ýerleşýän Ensar etrapçasyna howa hüjümini gurady.

Hüjümde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Ensar etrapçasy, Ysraýyl-Liwan serhedinden 100 kilometr alysda ýerleşýär.

NNA-da berlen başga bir habarda hem Ysraýylyň Liwanyň günortasynda ýerleşýän Nakura etrapçasynda bir öýe howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşuny, 8-nji oktýardan bäri Hizbullah hereketi bilen dowam edýän çaknyşyklarynda Baalbek şäherine ilkinji howa hüjümini 26-njy fewralda gurapdy.

Çaknyşyklarda Hizbullaha agza 240, liwanly asuda ilatdan 49, Emel hereketine agza 11, Hamasa agza 12, Yslamy Jihada agza 12 we ysraýylly 6 adam bilen 11 esger ýogaldy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar