Ysraýyl ynsanperwer kömege garaşýan palestinalylara hüjüm gurady

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynda ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglaryna garaşýan palestinalylara guran hüjüminde 7 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam ýaralandy

2114137
Ysraýyl ynsanperwer kömege garaşýan palestinalylara hüjüm gurady

Gaza zolagyndaky Raýat goranyş toparynyň metbugat geňeşçisi Mahmud Basal, Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň gündogaryndaky Kuweýt çatrygynyň golaýynda ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglaryna garaşýan palestinalylary nyşana alyp hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Mahmud Basal hüjümde ynsanperwer kömege garaşýanlaryň arasynda ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny mälim etdi. 

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä hüjümde 7 adamyň ýogalandygyny, 20-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýyla degişli harby uçarlaryň Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäheriniň As-Suudi etrapçasynda öýleriň birini bombalamagy netijesinde ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi. 

Mundan başgada Ysraýylyň Han Ýunus şäheriniň Abasan al-Kebira we Huzaa sebitlerinede artilleriýa toplary bilen hüjümler gurandygy, hüjümlerde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň geçen ýylyň 7-nji oktýbaryndan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 13 müň 500-i çaga, 9 müňi zenan bolmak bilen 31 müň 112 palestinaly öldürildi, 72 müň 760 adam bolsa ýaralandy. 



Degişli Habarlar