Gazada Ýogalanlaryň Sany 31 Müň 112 Adama Ýetdi

Ysraýyl 157 günden bäri Gazany bombalaýar

2113795
Gazada Ýogalanlaryň Sany 31 Müň 112 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 67 adam artyp 31 müň 112 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Eşref Al Kudra, Ysraýylyň 157 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň soňky 24 sagatda Gaza Sektorynda ýene-de 67 palestinalyny öldürendigini ýatladan Kudra, açlyk we suwsyzlyk sebäpli ýogalanlaryň sanynyň hem 25 adama ýetendigine ünsi çekdi.

Gazada ýogalanlaryň sanynyň 31 müň 112 adama ýetendigini aýdan Kudra, soňky hüjümlerde ýene-de 106 palestinalynyň ýaralanandygyny, jemi ýaralananlaryň sanynyň 72 müň 760 adama ýetendigini ýatlatdy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Kudra, ýogalanlaryň 72 göteriminiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar