Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm gurady
Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyndaky etrapçalaryň birine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy
Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä Ysraýylyň goşunynyň serhet zolagynda ýerleşýän Hirbet as-Slim etrapçasynyň Aýn mähellesindäki öýleriň birine, howadan gury ýere atylýan raketa bilen hüjüm gurady.
Hüjümde şol bir maşgaladan kaka, göwreli aýaly we 2 çagasy bilen birlikde ýene-de 1 adamyň, ýagny jemi 5 adamyň ýogalandygy mälim edildi.
Hüjümde şeýle hem 9 adamyň ýaralanandygy we bejergi edilmekleri üçin ýakyndaky hassahanalara gönükdirilendikleri aýan edildi.
Ysraýylyň hüjüm guran öýüniň dolulygyna ýumrulandygy we golaýdaky öýlere hem zyýan ýetendigi beýan edildi.
Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyna 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi.
Ýaragly çaknyşyklarda şeýle hem Hizbullahyň 236 agzasy, Emel hereketiniň 11 agzasy, Hamasyň 12 agzasy, Yslam Jihad hereketiniň 12 agzasy we asuda ilatdan 6 ysraýylly we 11 esger ýogaldy.
Degişli Habarlar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Ýykyp Ýumurýar
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda häzire çenli 33 milliard dollarlyk ýitgi çekildi.
BMG, Palestin Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi
BMG-nyň habarnamaçylary dünýä ýurtlaryna Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin çagyryş etdi.