Ukrainanyň Howa Hüjümleriniň Öňü Alyndy

“Şu gije Ukraina, Russiýa Federassiýasyna garşy 47 sany uçarmansyz howa ulagy bilen terrorçylykly hüjüm guramaga synanşdy”

2113138
Ukrainanyň Howa Hüjümleriniň Öňü Alyndy

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň düýn 47 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramaga synanşandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Şu gije Ukraina, Russiýa Federassiýasyna garşy 47 sany uçarmansyz howa ulagy bilen terrorçylykly hüjüm guramaga synanşdy” diýildi.

Beýannamada rus howa goranyş ulgamlarynyň hüjümleriň öňüni alandygy nygtaldy.

Beýannamada, Belgortda 1, Kursk sebitinde 2, Wolgogard sebitinde 3 we Rostow sebitinde hem 41 sany uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar