Ysraýyl 154 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýylyň soňky 24 sagatda 8 gyrgynçylyk edendigi bellenildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 30 müň 878 adama ýetdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň 154 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda ýene-de 78 palestinalyny öldürendigi, 7-nji oktýabrdan bäri jemi ýogalanlaryň sanynyň 30 müň 878 adama ýetendigi bellenildi.
Beýannamada soňky hüjümlerde 104 palestinalynyň ýaralanandygy, jemi ýaralananlaryň sanynyň 72 müň 402 adama ýetendigi ýatladyldy.
Beýannamada, Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalanlaryň 72 göteriminiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyna üns çekildi.
Ysraýylyň soňky 24 sagatda 8 gyrgynçylyk edendigi bellenildi.
Degişli Habarlar
Gazada 41 Müň 534 Adam Ýogaldy
Hüjümlerde ýogalanlaryň sany 41 müň 534, ýaralananlaryň sany hem 96 müň 92 adama ýetdi.
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Makron bilen Zelenskiý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda duşuşdy.