ÝB ýurtlary tebigy gaz sarp edilişini azaltmagy dowam etdirer

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar, öňümizdäki gyş paslyna taýarlyk üçin tebigy gaz sarp edilşini 15 göterim azaltmak gollanmasynyň möhledini ýene-de 1 ýyl uzaltmak babatynda ylalaşdylar

2111077
ÝB ýurtlary tebigy gaz sarp edilişini azaltmagy dowam etdirer

ÝB Geňeşine agza ýurtlaryň Energetika ministrleriniň Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiren maslahatynda, tebigy gazy tygşytlamagy dowam etdirmek barada ylalaşandyklary mälim edildi. 

Beýanatda öňümizdäki gyş möwsüminde ýeterlik gaz ammarlama derejesine ýetilmegi üçin agza ýurtlaryň meýletin ýagdaýda talap azaltmak çärelerini dowam etdirmek boýunça ylalaşandyklary bellenip, agza ýurtlaryň tebigy gaz talabyny 2017-2022-nji ýyllar aralygyndaky ortaça görkezijisinden 15 göterim azaltmagy 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam etdirjekdigi aýan edildi. 

ÝB ýurtlarynda Russiýa-Ukraina uruşy we ondan soň başlan energiýa krizisi bilen birlikde güýje giren gaz tygşytlamak gollanmasy 31-nji martda tamamlanýardy. Kabul edilen karar bilen bu gollanma ýene-de 1 ýyl dowam etdiriler. 



Degişli Habarlar