Tuwada Termiki Beketde Partlama Boldy

Russiýanyň Tuwa Respublikasyndaky termili beketlerden birinde bolan partlamada 23 adam ýaralandy.

2111906
Tuwada Termiki Beketde Partlama Boldy

Tuwa Respublikasyndaky Şagonar etrapçasynda ýerleşýän termiki beketde ýerli wagt bilen 08.49-da partlama boldy.

Bekediň işgärleri halas ediş topary tarapyndan ewakuasiýa edildi.

Ewakuasiýa edilen işgärlerden 15 sanysy bedenlerinin ýanmagy we kömürturşy gazyndan zäherlenmekleri sebäpli hassahanalara alynyp gidildi. 6 işçiniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Partlamada ýeňil ýaralanan 8 işçi bolsa aýakda bejergi aldy.

Partlamadan soň Şagonar şaherçesinde 4 müň adamyň ýaşaýan 62 binasynda 216 öýde merkezi ýyladyş ulgamy işlemeýar.

 



Degişli Habarlar