Ysraýyl Gazada kömege garaşýan palestinalylara ot açdy

Ysraýylyň goşuny Gaza şäheriniň günortasynda kömege garaşýan palestinalylara hakyky oklar bilen ot açdy

2111443
Ysraýyl Gazada kömege garaşýan palestinalylara ot açdy

Gazadaky hökümediň Metbugat ofisinden berilen beýanatda, Ysraýylyň goşuny un we azyk kömegini almak üçin Gaza şäheriniň günortasynda Selahaddin köçesindäki Kuweýt çatrygyna barýan asuda palestinalylara hakyky oklar bilen ot açandygyny habar berdi. 

Beýanatda Ysraýylyň palestinalylary nyşana almagynyň açlygy has hem artdyrmagy, gabawy dowam etdirmegi we Gazada başdan geçirlýän ynsanperwer apaty dowam etdrimegi isleýändiginiň bir görkezijisidigi aýan edildi. 

Gaza zolagynda erbetleşen ynsanperwer ýagdaýdan we erbetleşen ynsanperwer apatdan dolulygyna ABŞ-nyň, Ysraýylyň we halkara jemgyýetiň jogapkärdigi bellenen beýanatda, genosid söweşiniň bes edilmegi we Gaza zolagynyň demirgazygy başda bolmak bilen ähli welaýatlara 1000 ýük ulaglyk kömegiň ýetirilmegi babatynda çagyryş berildi. 

Ysraýylyň Gaza zolagynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda aglabasy çagalardan ybarat bolan 30 müňden gowrak palestinaly ýogaldy. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar