ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi

Bu barada “Nýu-Ýork Taýms” gazeti habar berdi.

2109029
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň Ukrainada 14 sany gizlin baza açyp, enjam we maglumat goldawyny berendigi hem-de Russiýa bilen 2 ýyldan bari dowam edýän söweşde möhüm pozisiýa eýelandigi ýüze çykdy.

ABŞ-da çap edilän “Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň ukrainaly we Amerikaly ýokary derejeli howpsuzlyk gullukçylaryna esaslandyrýan habarynda, iki ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň arasyndaky gatnaşygyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan Russiýa-Ukraina söweşinden 8 ýyl öň başlandygy beýan edilýär.

İki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygy Russiýa-Ukraina söweşinde-de dowam edip, habarda resmi Waşingtonyň ýurtdaky gullukçylaryny ewakuasiýa eden hem bolsa, içalylaryny galdyrandygyna üns çekilýär.

Habarda  ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklaryna talim, enjam we maglumat goldawyny berendigi, ýurtda 14 sany gizlin baza açandygy we 2022-nji ýylda söweşiň başlamağy bilen Ukrainanyň goranyşyna uly goşant goşandygy nygtalýar.

Sowet Soýuzynyň dargamagydan soň uzak ýyllaryn dowamynda Russiýa ýakyn ýaly görünen resmi Kiýew, 2014-nji ýylda ABŞ bilen ýakyn gatnaşyk açmaga başlady.

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugy, 2016-njy ýylda rus howpsuzlyk gullugynyň kodlama ulgamyny döwmek, rus uçarmansyz howa ulaglaryny we aragatnaşyk enjamlaryny ele salmak üçin ukrainanyň ýörite komandoslaryna tälim berdi.

Tälim berilen ýörite komandos toparyndaky esgerlerden biri bolan general Kirilo Budanow 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Howpsuzlyk müdirligine ýolbaşçylyk edýär.

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugy Russiýada, Ýewropada, Kubada we ruslaryň köpçülikleýin ýaşaýan beýleki ýerlerinde iş alyp barýan ukrainaly howpsuzlyk gullukçylarynyň tälim almagyna hem goldaw berdi.



Degişli Habarlar