Burkino-Fasoda Metjide Guralan Hüjümde 14 Adam Ýogaldy
Ýurduň gündogarynda 25-nji fewralda Essakane şäherindäki buthana guralan hüjümde hem 15 adam ýogalypdy.
2108412
Burkino-Fasonyň gündogarynda metjide guralan hüjümde 14 adam ýogaldy.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Natiabonai şäherinde ýerleşýän metjide 25-nji fewralda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan hüjümiň guralandygy nygtaldy.
Beýannamada, hüjümde metjidiň ymamy bilen birlikde 14 adamyň ýogalandygy ýatladyldy.
Ýurduň gündogarynda 25-nji fewralda Essakane şäherindäki buthana guralan hüjümde hem 15 adam ýogalypdy.
Burkino-Fasoda 2015-nji ýyldan bäri dowam edýän krizis sebäpli 2 milliondan gowrak adam öýlerini terk etdi.
Hökümetiň görkezijilerine görä, şol adamlardan diňe 120 müňi öýlerine dolandy.
Degişli Habarlar
Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar
"Sezar" artilleriýa ulgamlary fransuz goranyş senagaty kärhanasy "Nexter" tarapyndan öndürilýär