Putin: "Türkiye, energiýada iň ygtybarly hyzmatdaşydyr" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Türkiyäniň energiýada iň ygtybarly hyzmatdaşlarydygyny beýan etdi

2103908
Putin: "Türkiye, energiýada iň ygtybarly hyzmatdaşydyr" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, rus döwlet kanaly "Rossiya-1"-e beren beýannamasynda, ýurduna energiýa ugradylmagynda çäklendirmeler goýandygy barada aýyplamalaryň ýöňkelýändigine ünsleri çekip: "Dowamly häsýetde Russiýanyň energiýa çeşmelerini bermeýändigini, çäklendirýändigini aýdýarlar. Biz hiç zady çäklendirmeýäris, ähli zady berýäris. Iň ygtybarly hyzmatdaş hem türkler boldy. Ine Türk Akymy taslamasynyň üsti bilen ugradýarys" diýip belledi. 

Wlaidmir Putin, Ýewropanyň rus gazyny alyp-almajakdygy bilen bagly karary özüniň bermelidigini nygtap: "Zerur bolsa alarlar, ýogsam biz olarsyz amala aşyrarys" diýip aýtdy. 

Putin Russiýanyň häzirki wagtda tebigy gaz eksporty üçin Ýewropanyň ýerine tapawutly ugurlary ileri tutýandygyny belläp: "Bu energiýa çeşmelerini diňe bir ýaşaýyş jaý we döwlet hojalygy ulgamynda däl, eýsem Russiýanyň ykdysadyýeti we senagaty üçinem, içerki meseleleri çözmek üçinem ulanýarys" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Ýewropa has köp gaz eksport eden döwründe has köp pul gazanandygyny aýdan Putin: "Emma beýleki tarapdan, energiýa pudagyna näçe az garaşly bolsak, şonça-da gowy bolar, sebäbi ykdysadyýetiň energiýa däl bölegi öňküsinden has çalt ösýär" diýip aýtdy. 

Energetika pudagyndaky özgertmelerede baha beren Putin, Günbatar ýurtlarynyň rus gazyny satyn almagy bes etmek bilen Russiýanyň ykdysadyýetine hemişelik zyýan ýetirmegi maksat edinýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar