“Gaza Guralýan Hüjümler Remezan Aýynda Dowam Eder”

Gans, “Ýesirler boşadylmasa Refah şäherinde hem söweş başlar” diýdi.

2103702
“Gaza Guralýan Hüjümler Remezan Aýynda Dowam Eder”

Ysraýylyň Ministrler kabinetiniň agzasy Benni Gans, Gaza guralýan hüjümleriň remezan aýynda hem dowam edip biljekdigini aýtdy.

Gans, sosial mediadan beren habarnamasynda “Ýesirler boşadylmasa Refah şäherinde hem söweş başlar” diýdi.

Gans, Ysraýylyň Gazanyň günortasynda Refaha gury ýer operasiýasyny gurap biljekdigini belledi.

Gans “Müsür bilen birlikde hyzmatdaşlarymyz bilen bu mesele boýunça ýörite taýarlyk görýäris” diýdi.

 


Etiketkalar: #Gaza , #söweş , #remezan , #Ysraýyl

Degişli Habarlar