Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 8 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň, Liwanda 8-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 42 adama ýetdi.
2102635
![Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 8 Adam Ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/bdd4/16ff/ee9b/6565c32bd9676.jpg?time=1718735028)
Ysraýylyň harby goşunynyň, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Nebatiýe şäherinde 3 gatly bina uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde şol bir maşgaladan 8 adam ýogaldy.
Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habarynda, Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagynyň Nebatiýe şäheriniň Merjaýun etrapçasynda 3 gatly bina hüjüm gurandygy nygtaldy.
Habarda, hüjümden soň binadan 8 adamyň jesediniň çykarlandygy ýatladyldy.
Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanda 8-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 42 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
![Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/6a60/665b/59e9/6671511db0c71.jpg?time=1718735029)
Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar
"Sezar" artilleriýa ulgamlary fransuz goranyş senagaty kärhanasy "Nexter" tarapyndan öndürilýär