Ysraýyl Gazada Ýene-de 2 Žurnalisti Öldürdi

Ysraýylyň Gazada 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen žurnalistleriň sany 126-a ýetdi.

2101269
Ysraýyl Gazada Ýene-de 2 Žurnalisti Öldürdi

Ysraýylyň harby goşuny Gaza Sektorynda guran hüjümlerinde ýene-de 2 žurnalisti öldürdi.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynyň Refah we Jibaliýe şäherlerine guran hüjümlerinde žurnalist Ela Hasan Al Hyms bilen Engam Ahmed Adwanyň ýogalandygy nygtaldy.

Ysraýylyň Gazada 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen žurnalistleriň sany 126-a ýetdi.

Ysraýylyň Gaza Sektorynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde azyndan 12 müňi çaga, 8 müň 190- zenan bolmak bilen 28 müň 340 palestinaly öldürildi, 67 müň 984 palestinaly hem ýaralandy.

 

 

 



Degişli Habarlar