Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi

Ýemendäki Husiler Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli "Star Iris" atly gämä deňiz raketalary bilen hüjüm gurandyklaryny habar berdi

2101173
Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi

Husileriň metbugat geňeşçisi Ýahýa Seri X sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Palestinanyň halkyna garşy edilýän zuluma we ýurdumyza garşy amerikan-iňlis hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen, Ýemeniň Ýaragly güýçlerine (Husiler) degişli Harby-deňiz güýçleri Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli Star Iris atly gämä köp sanda laýyk deňiz raketalary bilen nyşana alyndy we şol raketalar Allanyň kömegi bilen nyşana takyk degdi" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Ýemendäki hüjümlerine garşylyk görkezmekde ikirjiňlenmejekdiklerini aýdan Ýahýa Seri, Gyzyl deňizden geçen ABŞ-na we Beýik Britaniýa degişli gämileriniň özleri üçin kanuny nyşanalardygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar