Filippinlerde bolan ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň günortasynda 6-njy fewralda başdan geçirilen ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi

2100824
Filippinlerde bolan ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Dawao de Oro sebitiniň dolanşygynyň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, ýer süýşgünleri sebäpli 54 adamyň ýogalandygy, 63 adamyň hem dereksiz ýitendigi habar berildi.

Şu günki güne çenli 32 adamyň ýaraly ýagdaýda halas edilendigi aýdylýan beýanatda, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Welaýatyň resmileri dereksiz ýiten adamlar üçin degişli guramadyr-edaralara maglumat berilmegi barada çagyryş berdiler. 

Resmiler tebigy apatyň täsir ýetiren 1166 maşgalanyň sebitden ewakuasiýa edilendigini habar berdiler. 



Degişli Habarlar