ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy

ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan ýekşenbe günleri geçirilýän dini çäreden ozal töwerege ot açdy

2100857
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy

Hýuston şäheriniň merkezine takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýän Leýkwud buthanasynda dini çäräniň edil öň ýanynda başdan geçirilen ýaragly hüjüm uly howsala döretdi. 

30 ýaş töweregindäki zenan hüjümçiniň elinde uzyn nilli ýarag we ýanynda 5 ýaş töwereginde bir çaga bilen buthana girip, töwerege ot açandygy habar berildi. Zenanyň üstünde bomba bardygyny aýdyp, buthanadakylara hemle atandygy aýan edildi 

Hýuston şäheriniň Polisiýa departamentiniň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, ýanyndaky çaga bilen birlikde jemi 2 adamyň ýaralanandygy bellenip, halka sebitden uzak durmak barada çagyryş berildi. 

Agyr ýagdaýda ýaralanan çaganyň hüjümçi bilen arabaglanşygy we hüjümçiniň maksady derňelýär. 



Degişli Habarlar