Russiýa-Ukraina Söweşinde 19 Müň 659 Adam Ýogaldy

3 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän söweş sebäpli ukrainaly millionlarça adam hem ýurduny terk etdi

2098605
Russiýa-Ukraina Söweşinde 19 Müň 659 Adam Ýogaldy

BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy işlerden jogapkär orunbasary Rozmari DiKarlo, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri 10 müň 382 adamyň ýogalandygy, 19 müň 659 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Rozmari DiKarlo, 3-nji fewralda Ukrainanyň Lugansk sebitinde, Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Lisiçansk şäherinde guralan we 28 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň resmi Moskwanyň islegine laýyklykda geçirlen BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda çykyş etdi.

DiKarlo, söweşiň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygynyň görkezijilerine görä, Ukrainada 579-y çaga, 10 müň 382 adamyň ýogalandygyny, 1285-i çaga 19 müň 659 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýa-Ukraina söweşiniň 3 ýyla golaý wagt bäri dowam edýändigini ýatladan DiKarlo, söweş sebäpli ukrainaly millionlarça adamyň hem ýurduny terk edendigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: #söweş , #BMG , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar