Pakistanda Polisiýa Merkezine Hüjüm Guraldy

Hüjümde 10 polis ýogaldy, 6-sy ýaralandy.

2097514
Pakistanda Polisiýa Merkezine Hüjüm Guraldy

Pakistanyň Haýber Pahtunwa sebitinde, polisiýa merkezine guralan hüjümde 10 polis gullukçysy ýogaldy, 6-sy ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Haýber Pahtunwa sebitiniň Dera İsmail Han etrapçasynda başbozarlar düýn ýary gije el bombalary we agyr ýaraglar bilen polisiýa merkezine hüjüm gurady.

Hüjümde 10 polis ýogaldy, 6-sy ýaralandy.

Hüjümden soň gaçan başbozarlaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Pakistanda esasan Haýber Pahtunwa we Buluçistan sebitlerinde başbozarlaryň guraýan hüjümleri gün saýyn artýar.

 

 



Degişli Habarlar