Ermenistanda Partlama Boldy

Partlamada 2 adam ýaralandy

2097822
Ermenistanda Partlama Boldy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň Nor Areş köçesinde bolan partlamada 2 adam ýaralandy.

Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň habaryna görä, Ýerewanyň Nor Areş köçesindäki binalaryň birinde ýerli wagt bilen 11.43-de partlama boldy.

Partlamada 2 bina dolulygyna ýykyldy, golaýdaky binalara hem zeper ýetirildi.

Partlamada 2 adam ýaralandy. Ýaralananlardan biriniň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

 

 

 



Degişli Habarlar