Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy goşunyň ýurdy ýeterlik derejede gorap bilmejekdigini aýtdy

Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Karsten Breýer goşunyň ýurdy ýeterlik derejede gorap bilmejekdigini aýtdy

2096122
Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy goşunyň ýurdy ýeterlik derejede gorap bilmejekdigini aýtdy

Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Karsten Breýer goşunyň ýurdy goramak ukybynyň bardygyny, ýöne ýagdaýynyň ýeterlik derejede gowy däldigini aýtdy.

Karsten Breýer Handelsblatt  gazedi tarapyndan geçirilen "Howpsuzlyk we Goranmak 2024" atly maslahatda çykyş etdi. 

Germaniýanyň Ýaragly güýçleriniň söweşe taýarlyk ýagdaýa gelmegi üçin ýaňadandan rekonstruksiýa edilmelidigini we ýaraglara zerurlygynyň bardygyny aýdan Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Karsten Breýer: "Eger häzirki wagtda hüjüme sezewar galsak, özümizi gorap bilersimi? Hawa gorap bileris. Emma ony gowy edip ýerine ýetirip bilerismi? Ýok gowy edip ýerine ýetirip bilmeris" diýip habar berdi. 

Ikinji ýylyny tamamlan Russiýa-Ukraina söweşinden soň Germaniýa goranyş çykdajylaryny ep-esli artdyrmak kararyna geldi we döwrebap ýarag ulgamlaryny satyn almak we ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmak üçin 100 milliard ýewro ýörite gazna emele getirdi. 

Hökümet Amerikan önümi bolan F-35 harby uçarlaryny, Chinook transport dikuçarlaryny we Ysraýyl önümi bolan Arrow-3 raketa goranyş ulgamyny satyn almak ýaly köp sanly şertnama gol çekdi.



Degişli Habarlar