Ysraýylly ministr Gazada harby režimiň döredilmelidigini aýtdy

Ysraýylyň aşa sagjy Maliýe ministri Besalel Smotriç ýurdunyň basyp alyşlygy we hüjümi astynda bolan Gazada goşunyň harby režim döretjekdigini beýan etdi

2095084
Ysraýylly ministr Gazada harby režimiň döredilmelidigini aýtdy

Ysraýylda ýaýlyma berilýän Kanal 12 telewideniýe kanalyna beýannama beren Ysraýylyň aşa sagjy Maliýe ministri Besalel Smotriç goşunyň Gazada harby režim döredip, sebiti gözegçilik etjekdigini habar berdi. 

Besalel Smotriç Ministrler kabinetiniň ähli agzalarynyň goşunyň Gazada galmalydygy baradaky pikiri goldaýandyklaryny mälim etdi. 

Hem özüniň hem-de Ministrler kabinetiniň beýleki agzalarynyň Gazadaky palestinalylara ynsanperwer kömegiň BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara kömek we jemgyýetçilik hyzmatlary agentliginiň ýetirilmegine garşydyklaryny aýdan Besalel Smotriç palestinalylara ynsanperwer kömekleriň paýlanylmak tapgyrynyň Ysraýylyň gözegçiligi astynda bolmalydygyny beýan etdi. 

Gazada saklanýan ysraýylly ýesirler barada ministr Smotriç ähli tussaglylary diri yzyna getirjekdigini wada bermegiň hakykata laýyk bap gelmeýändigini aýtdy.

Ysraýylly ýesirleriň hossarlarynada şol pikirlerini ýetirendiklerini aýdan Smotriç maşgalalara: "Gözleriňiziň içine seredip, ählisiniň diri ýagdaýda yzyna getiriljekdigi barada wada beren adam dogry aýdýan däldir" diýip habar berdi. 

Besalel Smotriç ýesirleriň hossarlary tarapyndan hökümedi gyssagly ýesir çalşygy bilen bagly ylalaşyk baglaşylmagy barada çagyryş berilip geçirilýän protestleriň we demonstrasiýalaryň, ýesirleri öýlerine diri ýagdaýda yzyna getirmek ähtimallygyny gowşadýandygyny öňe sürdi. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar