Meksikada ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Meksikada bir syýahat awtobusynyň ýük awtoulagy bilen çakyşmagy netijesinde 19 adam ýogaldy

2095619
Meksikada ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Milli metbugatda berilen habarlara görä, Sinaloa welaýatynda syýahatçylary daşaýan awtobus, ýolda garşy tarapdan gelýän ýük awtoulagy bilen çakyşdy. 

Ulag heläkçiliginde 19 adam ýogaldy, 22 adam ýaralandy. 

Sinaloa welaýatynyň Raýat gorag edarasynyň müdüri Roý Nawarrete ulag heläkçiliginden soň awtobusyň ýanmaga başlandygyny belläp, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi. 

Welaýat Prokuraturasy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.



Degişli Habarlar