Ysraýyllaryň takmynan 90 göterimi Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagynda gyrgynçylygyny dogry hasaplaýar

Ysraýylly raýatlaryň takmynan 90 göterimi Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagynda edýän gyrgynçylygyny dogry hasaplaýar

2094458
Ysraýyllaryň takmynan 90 göterimi Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagynda gyrgynçylygyny dogry hasaplaýar

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 11 müňi çaga, 7500-i zenan bolmak bilen jemi 26 müň 422-den gowrak palestinaly öldürilen bolsa, Tel-Awiw uniwersitedi tarapyndan geçirilen sowalnama görä, ysraýyllylaryň bu gyrgynçylygy berýän goldawy ýokary. 

Tel-Awiw uniwersitetdi, 605 ysraýylly bilen 8-15-nji ýanwar aralygynda, Ysraýylyň Gaza zolagyndaky hüjümleri bilen baglanşykly sowalnama geçirdi. 

Sowalnama gatnaşan ysraýyllylaryň takmynan 90 göterimi, Ysraýyl goşunynyň Gazadaky palestinalylary doly ýa-da bölekleýin esaslandyrylan sebäpler bilen öldürýändigini we ýaralaýandygyny aýtdy. 

Ysraýyllylaryň takmynan 53 göterimi gabaw astynda bolan Gaza zolagynda bikanun ýewreý ilatly ýerleriniň gurulmagyny goldaýandyklaryny aýtdy.

Sowalnama gatnaşanlaryň 58,5 göterimi Gaza zolagynyň gözegçiliginiň Ysraýylyň elinde bolmagynyň zerurdygyny, 27,1 göterimi gözegçiligi halkara güýjüň, 5,8 göterimi bolsa Palestinanyň hökümediniň üpjün etmelidigini bellediler. 

Ysraýyllaryň 27 göterimi garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini goldaýandyklaryny, 66 göterimi bolsa bu pikire garşydyklaryny aýtdylar. 

Sowalnama gatnaşan ysraýyllylaryň ýarysyndan gowragy Ysraýyl goşunynyň hüjümlerinde “degişli güýç” ulanandygyny bellän bolsa, 43,4 göterimi bolsa goşunyň “gaty az güýç” ulanandygyny beýan etdiler. 



Degişli Habarlar