Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda 24 gyrgynçylyk edendigi aýan edildi

2092963
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy eýýäm ençeme aý bäri dowam etdirýän hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 25 müň 700 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany 63 müň 740 adama ýetdi. 

Gazada Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna 110 gün ozal başaldan we giň gerimli dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berdi. 

Soňky 24 sagatda ýene-de 210 palestinalynyň öldürilen Ysraýylyň hüjümlerinde, şeýle hem 386 palestinalynyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda 24 gyrgynçylyk edendigi aýan edildi.

Gaza zolagynda guralan soňky hüjümler bilen birlikde öldürilen palestinalylaryň sany 25 müň 700 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany 63 müň 740 adama ýetdi.



Degişli Habarlar