Ysraýylyň, Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň Adamdan Geçdi

Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralanlaryň sany 62 müň 681 adama ýetdi

2091693
Ysraýylyň, Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň Adamdan Geçdi

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 25 müň adamdan geçdi.

Saglygy goraýyş ministrligi, öldürlen palestinalylaryň sanynyň 25 müň 105, ýaralanlaryň sanynyň bolsa 62 müň 681 adama ýetendigini habar berdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, düýn ýary gije Al Halil, Nablus, Tulkarym şäherlerine oeprasiýa gurady.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugynyň berýän habarynda, Ysraýylyň Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäherine guraýan hüjümlerini artdyrandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Han Ýusuna guran hüjüminde çagalar bilen birlikde 10 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Ertiriň irki sagatlarynda harby uçarlar bilen guralan hüjümde onlarça adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň Günbatar Şeria we Gündogar Iýerusalime guran operasiýasynda köp sanly adam saklandy.

 


Etiketkalar: #palestinaly , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar