Owganystanda ýer titremesi boldy

Owganystanyň Badahşan welaýatynda 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy

2087529
Owganystanda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy derňew merkezi ýerli wagt bilen sagat 13:52-de bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Badahşan welaýatynyň Jurm etrabydygy habar berildi. 

Ýer titremäniň ýeriň 206 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi. 

Ýer titreme ülkäniň paýtagty Kabul şäheri we Owganystanyň demirgazygyndaky welaýatlary bilen goňşy Özbegistan, Täjigistan we Pakistan döwletlerinde hem duýuldy. 

Maddy zyýan bilen bagly entek maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar